TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15000-tÜrkmenistanyŇ_prezidentiniŇ_russiÝa_federasiÝasyna_iŞ_sapary_baŞlandy
Şu gün, 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi.
(last modified 2021-12-28T11:15:47+00:00 )
Dec 28, 2021 16:15 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Şu gün, 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza-ýurtlaryň Döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherine iş sapary bilen gitdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Baştutanlarynyň däp bolan bu duşuşygyna Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylary hem gatnaşýarlar.

Nobatdaky duşuşygyň maksady – 2021-nji ýylyň jemleriniň jemlenmeginden hem-de Arkalaşygyň çäklerinde netijeli özara hereketleriň ösdürilmegi boýunça geljekki hereketleriň kesgitlenilmeginden ybaratdyr. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň we howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meselelerine hem seredilip geçiler.