SANKT-PETERBURGDA GDA-NYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILDI
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15002-sankt_peterburgda_gda_nyŇ_dÖwlet_ÝolbaŞÇylarynyŇ_sammiti_geÇirildi
28-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.
(last modified 2021-12-28T11:21:07+00:00 )
Dec 28, 2021 16:21 Asia/Ashgabat
  • SANKT-PETERBURGDA GDA-NYŇ DÖWLET ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILDI

28-nji dekabrda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçirildi.

Duşuşygyň barşynda GDA ýurtlarynyň Liderleri gün tertibiniň wajyp meselelerini, ilkinji nobatda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary Arkalaşygyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilen şu ýylynyň esasy netijelerini jemlediler.

Şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki çäreler, bu ugurda GDA döwletleriniň ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň anyk hereketleri hem-de koronawirus ýokanjynyň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek babatynda ýurtlaryň lukmançylyk jemgyýetleriniň arasynda yzygiderli tejribeleri alyşmak boýunça pikirler alyşyldy.