Eýranyň Nebit ministriniň türkmen wekiliýeti bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15164-eýranyň_nebit_ministriniň_türkmen_wekiliýeti_bilen_duşuşygy
Eýranyň nebit ministri türkmen wekiliýeti bilen duşuşyp maslahatlaşdy.
(last modified 2022-01-08T07:11:35+00:00 )
Jan 08, 2022 12:11 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Nebit ministriniň türkmen wekiliýeti bilen duşuşygy

Eýranyň nebit ministri türkmen wekiliýeti bilen duşuşyp maslahatlaşdy.

Eýranyň nebit ministri Jawad Oji şu gün (şenbe) Tähranda Türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdymuhamedow we delegasiýa ýoldaşlyk edýän Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp maslahatlaşdy.

Bu duşuşyk, Eýranyň Nebit ministri bilen Türkmen tarapynyň arasyndaky öňki gepleşikleriň dowamydyr.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanan gepleşikleriň eýýäm birnäçe tapgyry geçirildi.

Geçen hepde güýje giren Türkmenleriň Eýrandan Azerbaýjan Respublikasyna gaz çalşygyny amala aşyrmak bu hyzmatdaşlygyň netijeleriniň bir bölegidir.