Türkmen resmisiniň Amir Abdullahian bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Eýranyň Daşary işler ministri bilen duşuşyp, özara gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň maglumat we metbugat sekretarynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdymuhamedow Tähranda Eýranyň Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem Serdar Berdymuhamedowy Tähran saparynda ýoldaşlyk edýär.
Türkmenleriň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowyň ýakyn wagtda Tährana sapar etmegi meýilleşdirilýär.
2021-nji ýylyň Noýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gitdi we Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşdy.
Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri serhet hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we haryt söwdasyna hemaýat berilmegine ünsi çekip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmak üçin ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge çagyrdylar.