Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15484-türkmenistan_bilen_hytaýyň_daşary_işler_ministrleri_telefon_arkaly_söhbetdeşlik_geçirdiler
26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2022-01-27T05:04:43+00:00 )
Jan 27, 2022 10:04 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi, onuň barşynda diplomatlar şu ýylyň 25-nji ýanwarynda geçirilen «Merkezi Aziýa – Hytaý» onlaýn-sammitiniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ýokarda görkezilen Forumyň barşynda Döwlet Baştutanlary tarapyndan beýan edilen başlangyçlaryň hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly bolan anyk meselelere seredip geçdiler.