Pekinde Türkmenistanyň we HHR-nyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15560-pekinde_türkmenistanyň_we_hhr_nyň_daşary_işler_ministrleriniň_duşuşygy_geçirildi
4-nji fewralda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.
(last modified 2022-02-05T08:03:01+00:00 )
Feb 05, 2022 13:03 Asia/Ashgabat
  • Pekinde Türkmenistanyň we HHR-nyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

4-nji fewralda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Agzasy, Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň geljekde durmuşa geçirilmegine degişli pikirler alyşyldy.