Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15636-türkmenistanyň_milli_geňeşiniň_halk_maslahatynyň_nobatdan_daşary_mejlisi_öz_işine_başlady
11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady.
(last modified 2022-02-12T02:26:52+00:00 )
Feb 12, 2022 07:26 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady

11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär. 

Mejlisde 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri ara alnyp maslahatlaşylar hem-de öňümizdäki 30 ýyl  üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň iň möhüm wezipeler kesgitleniler.

Onuň barşynda 2022 – 2052-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.