Türkmenistanda geçiriljek wagtyndan ozal prezident saýlawlarynyň senesi yglan edildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15654-türkmenistanda_geçiriljek_wagtyndan_ozal_prezident_saýlawlarynyň_senesi_yglan_edildi
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw we sala salşyk komissiýasy şu ýylyň 12-nji martynda irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini habar berdi.
(last modified 2022-02-13T08:27:01+00:00 )
Feb 13, 2022 13:27 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda geçiriljek wagtyndan ozal prezident saýlawlarynyň senesi yglan edildi

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw we sala salşyk komissiýasy şu ýylyň 12-nji martynda irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini habar berdi.

Duşanbe şäherindäki Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Türkmenistanyň Merkezi saýlaw we referendum komissiýasynyň ýolbaşçysyna irki prezident saýlawlaryna taýýarlanmagy buýurdy.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw we referendum komissiýasynyň başlygynyň kömekçisi Bazargan Garaýewiň yglan etmegine görä, 40 ýaşdan uly Türkmenistanyň islendik raýaty saýlawlara ýazylyp bilner.

Türkmenistanyň prezidenti halk tarapyndan we ýedi ýyllyk möhlete bilen saýlanýar.

Berdymuhamedow 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň prezidentidir.

Türkmenistanda soňky prezident saýlawy 2017-nji ýylda geçirildi we kanuna görä, saýlawlaryň indiki tapgyry 2024-nji ýylda geçirilmelidi.