Türkmenistanda irki prezident saýlawlary başlandy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i15986-türkmenistanda_irki_prezident_saýlawlary_başlandy
Türkmenistanda irki prezident saýlawlary dürli partiýalardan dokuz kandidatyň bäsleşmegi bilen başlandy.
(last modified 2022-03-12T04:24:59+00:00 )
Mar 12, 2022 09:24 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda irki prezident saýlawlary başlandy

Türkmenistanda irki prezident saýlawlary dürli partiýalardan dokuz kandidatyň bäsleşmegi bilen başlandy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu saýlaw döwründe prezidentlige 9 kandidat dalaş edýär  we olaryň iň Möhümsi Türkmenistanyň prezidentiniň ogly we premýer-ministriň orunbasary hemde Türkmenistanyň dolandyryjy Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Serdar Berdimuhamedowdyr.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň habaryna görä, bu saýlaw döwri üçin 2577 saýlaw uçastogy bar, şolardan 41-si ýurduň daşynda işleýär.

Türkmenistanda geçiriljek prezident saýlawynda jemi 3,459.063 adam ses bermäge hukugy bar.