Serdar Berdymuhamedow resmi taýdan Türkmenistanyň prezidenti bolýar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16058-serdar_berdymuhamedow_resmi_taýdan_türkmenistanyň_prezidenti_bolýar
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy Demokratik dalaşgär "Sardar Berdymuhamedowyň" 72,97% ses bilen ýeňiş gazanandygyny habar berdi.
(last modified 2022-03-19T10:55:10+00:00 )
Mar 19, 2022 15:55 Asia/Ashgabat
  • Serdar Berdymuhamedow resmi taýdan Türkmenistanyň prezidenti bolýar

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy Demokratik dalaşgär "Sardar Berdymuhamedowyň" 72,97% ses bilen ýeňiş gazanandygyny habar berdi.

12-nji martda Türkmenistanda prezident saýlawlary geçirildi. Saýlawçylaryň gatnaşygy 97,17% ýa-da 3,362.052 boldy. bu ýurtda Prezident saýlawlary her ýedi ýyldan bir gezek geçirilýär.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň saýlanan prezidenti "Sardar Berdymuhamedowyň" kasam kabul ediş dabarasynda hökümet agzalary we Howpsuzlyk Geňeşi, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we diplomatlar gatnaşdy, Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Golmurad Muradow bolsa Berdymuhamedowa prezidentlik şahadatnamasyny gowşurdy.

Täze hökümet başlygy kasam kabul etdi we "Türkmenistanyň konstitusiýasyna we kanunlaryna eýermek, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmek we Türkmenistanyň prezidentine ýüklenen borçlary dogry ýerine ýetirmek" barada kasam etdi.