Serdar Berdimuhamedow Kasam Edip Prezidentlik Wezipesine Girişdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16072-serdar_berdimuhamedow_kasam_edip_prezidentlik_wezipesine_girişdi
Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen prezident saýlawynda üstün çykan Serdar Berdimuhamedow kasam edip wezipesine girişdi.
(last modified 2022-03-21T02:46:35+00:00 )
Mar 21, 2022 07:46 Asia/Ashgabat
  •  Serdar Berdimuhamedow Kasam Edip Prezidentlik Wezipesine Girişdi

Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen prezident saýlawynda üstün çykan Serdar Berdimuhamedow kasam edip wezipesine girişdi.

 

Serdar Berdimuhamedow üçin Ruhyýet köşkünde kasam ediş dabarasy guraldy.

7 ýyl möhlet bilen iş alyp barjak Berdimuhamedow 1981-nji ýyllyň 22-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Başlangyç we orta mekdebi Aşgabatda tamamlan Berdimuhamedow Türkmenistanyň Oba hojalyk uniwersitetiniň inženerçilik-tehnologik bölüminde ýokary bilim alýar.

Berdimuhamedow Döwlet Azyk senagaty bileleşiginiň Daşary ykdysady gatnaşyklar edarasynda bilermen bolup işleýär.

2008-nji - 2011-nji ýylllaryň aralygynda Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynyň Halkara gatnaşyklar bölüminde bilim alan Serdar Berdimuhamedow, şol döwürde Türkmenistanyň Moskwadaky Ilçihanasynda geňeşçi bolup işleýär.

Berdimuhamedow 2011-2013-nji ýyllaryň aralygynda Şweýsariýanyň Ženawa şäherinde Ýewropanyň howpsuzlygy boýunça bilim alýar we şol bir wagtda-da BMG-niň Ženewadaky ofisindäki Türkmenistanyň wekilhanasynda işleýär.

Daşary işler ministrliginde Ýewropa ýurtlary boýunça bölüm müdiri bolup işlän Berdimuhamedow, Daşary işler ministrliginiň Halkara maglumatlar departamentiniň başlygy we Türkmenistanyň Mejlisiniň Kanun çykaryş toparynyň başlygy wezipelerinde işleýär.

Berdimuhamedow Daşary işler ministriniň orunbasarlygy wezipesinden son 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň häkimi bolup işleýär.

Rus we iňlis dillerini bilýän saýlanan Prezident ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi.

19-njy martda Prezident wezipesinden çekiljek Gurbanguly Berdimuhamedow, mundan beýläk Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy wezipesinde işlär

Esasy hünäri stomatolog bolan Gurbanguly Berdimuhamedow 1997-nji ýylda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň administrasiýasyna girdi. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň aradan çykmagyndan soň 2007-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen Prezident saýlawynda üstünlik gazandy. 2007-nji, 2012-nji we 2017-nji ýyllarda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazanyp 15 ýyl Prezident wezipesinde işledi. Gurbanguly Berdimuhamedowa 2010-njy ýylda türkmen dilinde goragçy, synçy, türkmen halkynyň bil baglaýan manylaryna gelýän Arkadag titul berildi.

Onuň zamanasynda Türkmenistan parahatçylykly syýasat alyp bardy we Bitaraplyk syýasaty ýurduň baş ýörelgesi boldy. Goňşy ýurtlar we esasan hem BMG bilen köptaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Ilkinji gezek Türki Döwletler Guramasyna synçy ýurt hökmünde agza boldy. Halkara çärelere ýer eýeçiligini etdi. Gazyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji 5-lige girýän türkmen gazynyň bazar paýynyň artdyrylmagy üçin iş alyp bardy. Şol sebäpli täze nebit we gaz dolandyryş desgalary guruldy, turba geçirijiler köpeldildi. Türkmen ýangyjynyň Ýewropa ugradylmagy boýunça başlangyçlar edildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan tebigy gaz geçiriji turba taslamasynyň gurluşygy we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan liniýasy boýunça optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň geçirilmegi taslamasy durmuşa geçirilmäge başlandy.

Ýurtda öz-özüne ýeterlik ykdysadyýetiň emele getirilmegi maksat edinildi, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,2 göterim ösüş etdi. Onuň zamanasynda ýurt doly derejede gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Aşgabat ak mermer şäherine öwrüldi, ýurt derejesinde täze howa menzilleri, awtoýollar, hassahanalar, mekdepler, portlar, ýaşaýyş ýerleri guruldy. Hazar deňiziniň kenarynda Awaza syýahatçylyk zolagy döredildi.