Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň YHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16110-türkmenistanyň_dim_niň_ýolbaşçysynyň_yhg_nyň_baş_sekretary_bilen_duşuşygy
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy.
(last modified 2022-03-24T13:12:31+00:00 )
Mar 24, 2022 18:12 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň YHG-nyň Baş sekretary bilen duşuşygy

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň habaryna görä, gepleşikleriň başynda, R.Meredow Baş sekretary bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Guramada öz agzalygyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Şeýle hem Baş sekretara, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri barada maglumat berildi. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçysyna geçirilen saýlawlara synçylar toparyny iberendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Öz gezeginde, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary YHG-nyň agza-döwletleriniň ählisiniň musulman ymmatynyň ýüzbe-ýüz bolýan dürli meseleleriniň çözülmegi üçin ähli tagallalaryny birleşdirýändiklerini belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-nyň işine gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.