Ýewropa Türkmenistanyň Täzelenýän bilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegi nygtady
Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Türkmenistanyň täzelenip bilýän çeşmeleri özleşdirmekde üstünlik gazanyp biljekdigini aýtdy.
“Fars” habarlar gullugynyň habaryna görä, EUB-Türkmenistan sammitindäki EUB-iň ilçisi Diego Ruiz Alonso, adaty energiýa çeşmeleriniň eýesi hökmünde Türkmenistanyň täzelenip bilýän energiýany ösdürmäge maýa goýup we üstünlik gazanyp biljekdigine ynam bildirdi.
Diego Ruiz Alonso, EUB-iň ýaşyl energiýany ösdürmekde köp ýyllyk tejribesiniň bardygyny we karbonatlaryň zyňyndylaryny nola çenli azaltmagy başarandygyny aýtdy.
EUB-niň ilçisiniň pikiriçe, adaty energiýa çeşmeleri gymmatlaýar we bu EUB-niň täze energiýa syýasatynda dogry ýoldan gidendigini tassyklaýar diýdi.
Alonso şeýle-de EUB ýurtlarynda uglewodorod serişdeleri ýok we täze energiýa syýasatymyz 2050-nji ýyla çenli kömürturşy gazyny azaltmagy ýa-da ýok etmegi maksat edinýär diýmek bilen şonuň üçin häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine doly geçiş etabyndadyrys diýdi.
Türkmenistan ýakyn wagtda 10 megawattlyk gün-ýel gibrid zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda ýurt 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energiýasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýol kartasyny tassyklady.
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň Bilelikdäki komitetiniň 20-nji ýygnagynda iki tarap söwda, energiýa, ulag, aragatnaşyk we ösen tehnologiýalar ýaly hyzmatdaşlygy güýçlendirmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy.