Gyrgyzystan Türkmenistan bilen bilelikdäki ösüş gaznasyny döretmegi teklip etdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16132-gyrgyzystan_türkmenistan_bilen_bilelikdäki_ösüş_gaznasyny_döretmegi_teklip_etdi
Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Türkmenistan bilen bilelikdäki ösüş gaznasyny döretmegi teklip etdi.
(last modified 2022-03-26T01:26:12+00:00 )
Mar 26, 2022 06:26 Asia/Ashgabat
  • Gyrgyzystan Türkmenistan bilen bilelikdäki ösüş gaznasyny döretmegi teklip etdi

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministri Türkmenistan bilen bilelikdäki ösüş gaznasyny döretmegi teklip etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu teklip Türkmeniň Daşary işler ministri Reşid Meredow bilen Gyrgyzystanyň kärdeşi Ruslan Gazakbaýewiň Yslamabatda geçirilen mejlisiniň çäginde geçirilen duşuşygynda edildi.

Söhbetdeşlikde bu gaznanyň döredilmeginiň iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge kömek etmelidigi nygtaldy.

Iki tarap şeýle hem ýakyn wagtda geçiriljek Dördünji Merkezi Aziýa sammitini ara alyp maslahatlaşdylar we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdylar.