Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna minnetdarlyk bildirdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16180-türkmenistan_yslam_hyzmatdaşlyk_guramasyna_minnetdarlyk_bildirdi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Yslamabatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna minnetdarlyk bildirdiRaşid Meredow mundan başgada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly başda bolmak bilen kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.
(last modified 2022-03-29T00:51:00+00:00 )
Mar 29, 2022 05:51 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Yslamabatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna minnetdarlyk bildirdiRaşid Meredow mundan başgada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly başda bolmak bilen kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

 Raşid Meredow, Yslamabatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna minnetdarlyk bildirdiRaşid Meredow mundan başgada Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly başda bolmak bilen kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 48-nji ministrler maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Yslamabatda YHG-nyň Baş sekretary Hüseýin Ibrahim Taha, Pakistanyň Premýer ministri Imran Han we Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly başda bolmak bilen kärdeşleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Mundan başgada Baş assambleýada çykyş eden Raşid Meredow, Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawynyň netijeleri barada maglumat berdi. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawyna synçy ugratmagy sebäpli minnetdarlyk bildirdi.

Meredow parahatçylyk, durnuklylyk we howpsyzlygyň ýola goýulmagynda Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetine ünsleri çekdi. Halkara ýük daşamak pudagynda hyzmaydaşlygyň has hem ösdürilmeginiň gerekdigini belledi. Durnukly galkynyş faktorlaryň biri hökmünde biri-birine garşlylygyň ähmiýetine ünsleri çeken Meredow, Owganystana berilýän goldawyň üstünde durup geçdi. Owgan meselesiniň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarynyň jebislik içinde çözülmeginiň gerekdigini beýan etdi.Türkmenistanyň Daşary işler ministri, bu ýurduň ýene bir başlangyjynyň geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow tarapyndan hödürlenen "Parahatçylyk kepilligi gepleşikler" atly häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze pelsepesiniň emele gelmegini kabul edmegidir diýdi.

"Raşid Meredow" Owganystany goldamak barada-da hem gürrüň gozgap, Aşgabadyň pozisiýasynyň Owganystanyň syýasy, ykdysady we adam ölçegleriniň bitewiligine düşünmäge esaslanýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türk kärdeşi Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren duşuşygynda hem Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy we diplomatik dialogyň täsirliligini belläp geçdi. Ikitaraplaýyn bähbit esasynda ähli ugurlar boýunça özgerýän hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirdildi.