Türkmenistanda metjitleriň gaýtadan açylmagy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16186-türkmenistanda_metjitleriň_gaýtadan_açylmagy
Türkmenistanyň metjitleri gaýtadan ybadat edýänlere açylýar.
(last modified 2022-03-29T07:35:18+00:00 )
Mar 29, 2022 12:35 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda metjitleriň gaýtadan açylmagy

Türkmenistanyň metjitleri gaýtadan ybadat edýänlere açylýar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň müftüsi şu gün, sişenbe güni (29-njy mart) ýurtdaky ähli metjitleriň açyljakdygyny aýtmak bilen 2-nji aprelde başlaýan mukaddes Remezan aýy mynasybetli Türkmenistandaky ähli metjitler adaty arassaçylyk düzgünlerine laýyklykda açylýandygyny aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň müftileri mukaddes Remezan aýynda 5 welaýatyň we paýtagt Aşgabadyň Selä we agzy açar çaglarynyň dini wagtlaryny tassyklady.

Mundan ozal Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow ýurtda “kowid-19” -yň ýokdugyny habar berdi we öňüni alyş çäreleriniň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýüze çykmagynyň öňüni alandygyny aýtdy. Türkmen resmileri bu ýurtda koronawirusyň ýokdugyny aýdan bolsalarda emma bütindünýä saglygy goraýyş guramasy muňa şübhe bildirendir.