Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16196-türkmenistan_bilen_koreýa_respublikasy_ulag_ulgamynda_hyzmatdaşlygyny_berkidýär
2022-nji ýylyň 28-nji martynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
(last modified 2022-03-30T10:07:57+00:00 )
Mar 30, 2022 15:07 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

2022-nji ýylyň 28-nji martynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň  çykyşlary diňlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurtda alnyp barylýan  ulag ulgamyndaky Günorta-Demirgazyk we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça magistral akymlaryň birleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary barada türkmen tarapy aýratyn nygtady.

Muňa mysal edip, Gazagystan–Türkmenistan–Eýran, Serhetabat–Turgundy, Kerki–Ymamnazar–Akina we Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan demirýollarynyň gurluşygynyň hem-de ösüşiniň, şeýle hem ýokary tizlikli awtomibil ýollarynyň, howa menzilleriniň we deňiz portlarynyň Türkmenistanyň sebit ýurtlary bilen gatnaşyklarynyň netijeli berkidilmeginde uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenilip geçildi.