Türkmenistan Aral deňziniň tozan howpuna garşy durmaga synanşýar
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16386-türkmenistan_aral_deňziniň_tozan_howpuna_garşy_durmaga_synanşýar
Türkmenistanyň prezidenti Aral deňzinde tozan howpuna garşy durmak we öňüni almak barada buýruk berdi.
(last modified 2022-04-11T02:20:10+00:00 )
Apr 11, 2022 07:20 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Aral deňziniň tozan howpuna garşy durmaga synanşýar

Türkmenistanyň prezidenti Aral deňzinde tozan howpuna garşy durmak we öňüni almak barada buýruk berdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti "Serdar Berdimuhamedow" tomus möwsüminiň başlanmagyna we Aral deňziniň adam saglygy üçin töwekgelçilik faktorlaryna salgylanyp, saglyk, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak bölümleriniň ýolbaşçylaryna çäre görmeklerini buýrdy.

Serdar Berdimuhamedow: "Aral deňziniň krizis sebiti Türkmenistana, Gazagystana we Özbegistana gönüden-göni, Täjigistan we Gyrgyzystan respublikalaryna göni bolmadyk tärde täsir edýär" -diýdi.

Türkmenistanyň prezidenti sözüniň dowamynda  "Aral deňziniň açyk böleginde 5,5 million gektar meýdany bolan täze duz çöli peýda boldy, bu ýerden ýylda 90 günden gowrak güýçli tozan tupany we 100 million tonnadan gowrak  tozan we müňlerçe kilometr radiusda zäherli duzlary atmosfera geçirýär diýdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmeniň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Sapardurdy Toýliýewe meseläni gözegçilikde saklamak we degişli çäreleri guramak, şeýle hem bu ugurdaky ylmy gözlegleri goldamak arkaly saglygy goraýyşy ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň prezidenti Oba hojalygy we daşky gurşaw ministrligine yssy möwsümde howply kesel patogenleriniň ýaýramagynyň öňüni alyp, adam-haýwan ýokanç keselleriniň öňüni almak we ýok etmek üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.