Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip,Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Serdar Berdimuhamedow gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen-ýapon gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini, däp bolan köpýyllyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Hökümet Baştutanyny hem-de onuň üsti bilen Ýaponiýanyň ähli dostlukly halkyny şanly sene bilen gutlap, geçen 30 ýylda özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmeginde uly ösüşlere ýetilendigini kanagatlanma bilen belledi.
Bu gün iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Muňa dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça möhüm başlangyçlaryň hem-de teklipleriň özara goldawa eýe bolýandygy-da şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy iki ýurdyň «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändiklerini bellediler. Olar özara bähbitli gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly mümkinçilik döredýär.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 23-24-nji aprelinde Kumamoto şäherinde geçiriljek dördünji Aziýa-Ýuwaş umman Suw sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda suw serişdeleriniň tygşytly hem-de netijeli peýdalanylmagynyň durnukly ösüşiň esasy kepili bolup durýandygyny nygtady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Premýer-ministr Fumio Kisida birek-birege berk jan saglyk hem-de uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.