Apr 22, 2022 18:32 Asia/Ashgabat
  • Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda azaldy

Özbegistanyň Statistika komiteti Türkmenistan bilen söwdanyň azalandygyny habar berdi

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Özbegistanyň statistika komiteti şu gün (anna) 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde bu ýurduň Türkmenistan bilen daşary söwdasynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% -den gowrak azalandygyny we 186 million 800 müň Dollara ýetendigini habar berdi.

Häzirki wagtda Özbegistanda dürli ugurlara maýa goýýan türkmen maýadarlary bilen 160 kompaniýa işleýär.

Şu ýylyň birinji çärýeginde Özbegistanyň Hytaý bilen iň uly daşary söwda mukdary 2 milliard 2 ýüz million dollar boldy.

Türkmenistan Özbegistanyň garaşsyzlygyny 1993-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda ykrar etdi we şol senede iki ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy.

Tags