TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ ILÇISINI KABUL ETDI
22-nji aprelde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar.
Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçiriljek Dördünji Aziýa-Ýuwaş ummany Suw Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň wideoýüzlenmesiniň görkezilmeginiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.
Diplomatlar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesini beýan etdiler we onuň ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar.
Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar şonuň ýaly-da, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.
Geljegi uly ikitaraplaýyn taslamalaryň ilerledilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň ähmiýetli mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy.
Şonuň ýaly-da, iki ýurduň abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki özara hereketleriniň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler.