Duşenbe güni Türkmenistanda Oraza baýramy yglan edildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16708-duşenbe_güni_türkmenistanda_oraza_baýramy_yglan_edildi
Türkmenistanyň prezidenti duşenbe 2-nji maý gününi Oraza baýramy diýip yglan etdi.
(last modified 2022-04-30T07:45:29+00:00 )
Apr 30, 2022 12:45 Asia/Ashgabat
  • Duşenbe güni Türkmenistanda Oraza baýramy yglan edildi

Türkmenistanyň prezidenti duşenbe 2-nji maý gününi Oraza baýramy diýip yglan etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmeniň prezidenti Sardar Berdymuhamedow: Oraza baýramy köp asyrlyk däp-dessurlara has ýakyndan göz aýlamak, ruhy baýlygymyzy gorap saklamak, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet Kanunynyň 81-nji maddasyna laýyklykda bellenilip geçilýär diýdi.

Oraza baýramy, Gurban baýramy bilen birlikde mukaddes Remazan aýyň ahyrynda bellenilýän musulmanlaryň iň möhüm iki baýramynyň biridir.

Bu gün türkmen halky adatça Oraza baýramy namazyna gatnaşyp sadaka berýärler, öýde nahar taýýarlaýar we oturylyşyklara we mihmançylyga gidýärler.