TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16758-tÜrkmenistanyŇ_prezidenti_Ýewropa_bileleŞiginiŇ_merkezi_aziÝa_boÝunÇa_ÝÖrite_wekilini_kabul_etdi
2022-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.
(last modified 2022-05-05T13:42:14+00:00 )
May 05, 2022 18:42 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,Türkmenistanyň  döwlet Baştutanyna Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi we pursatdan penýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, hoşniýetli gutlaglar üçin oňa minnetdarlyk bildirdi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Taraplaryň gatnaşyklaryň täze, netijeli gurallaryny hem-de ugurlaryny gözlemäge, şeýle-de ony syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalary beýan edildi.

 Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, soňky ýyllarda onuň okgunly, netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanda 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň resmi taýdan açylmagy bilen, özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini we onuň täze mazmun easynda üstüniň ýetirilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berilýändigini ýene-de bir ýola nygtap, taraplaryň hyzmatdaşlygyň geljekde-de berkidilmegine we ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryna kanagatlanma bildirdi.