Türkmenistanyň prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Aşgabatda täze bellenen ilçisini kabul etdi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16760-türkmenistanyň_prezidentimiz_gazagystan_respublikasynyň_aşgabatda_täze_bellenen_ilçisini_kabul_etdi
2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.
(last modified 2022-05-05T09:20:04+00:00 )
May 05, 2022 14:20 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Aşgabatda täze bellenen  ilçisini kabul etdi

2022-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Askar Tažibaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň  Prezidentine türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

 Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iň gowy arzuwlaryny beýan edip, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň  döwlet Baştutany hem-de doly ygtyýarly wekil özara hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri esasynda guralýan, ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

iki ýurdyň möhüm strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygy nygtaldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ygtybarly şertnama-hukuk binýady hem-de Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti diplomata iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.