Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda energiýa esasly gepleşikler
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16882-türkmenistanyň_we_gyrgyzystanyň_ýokary_derejeli_resmileriniň_arasynda_energiýa_esasly_gepleşikler
Gyrgyzystanyň mejlisiniň başlygy Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda energiýa hyzmatdaşlygynyň artmagynyň zerurdygyny aýtdy.
(last modified 2022-05-14T00:00:40+00:00 )
May 14, 2022 05:00 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda energiýa esasly gepleşikler

Gyrgyzystanyň mejlisiniň başlygy Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşyp, iki ýurduň arasynda energiýa hyzmatdaşlygynyň artmagynyň zerurdygyny aýtdy.

Fars habarlar gullugynyň habaryna görä Gyrgyzystanyň mejlisiniň başlygy Talant Mamitow Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa-Russiýa parlamentara konferensiýasynyň birinji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdymuhamedow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Mamitow Serdar Berdymuhamedowy Türkmenistanyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we oňa üstünlik arzuw etdi.

Talant Mamitow şeýle-de Gyrgyzystan, Türkmenistan bilen dinamiki we durnukly gatnaşyklary ösdürmäge we söwda, ykdysady, medeni we gumanitar ugurlarda hyzmatdaşlyga, şol sanda energiýa we oba hojalygy hyzmatdaşlygyna we iki ýurduň arasynda parlament gepleşiklerini giňeltmäge gyzyklanýandygyny aýtdy.