Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Sankt-Peterburg şäheriniň wekiliýeti bilen duşuşygy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i16964-türkmenistanyň_daşary_işler_ministriniň_sankt_peterburg_şäheriniň_wekiliýeti_bilen_duşuşygy
2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýe.D.Grigorýewiň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
(last modified 2022-05-19T02:54:10+00:00 )
May 19, 2022 07:54 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Sankt-Peterburg şäheriniň wekiliýeti bilen duşuşygy

2022-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Sankt-Peterburg şäheriniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Ýe.D.Grigorýewiň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga şeýle hem «Возрождение» taslama we gurluşyk kompaniýalary toparynyň ýolbaşçysy I.W.Bukato we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.W.Blohin gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şol sanda rus kompaniýalarynyň Türkmenistanyň çäklerindäki infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň taslamalarynyň birnäçesine netijeli gatnaşýandyklaryny bellediler. Şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.