Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary kabul etdi
2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada baran Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi we söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ýurdy okgunly ösdürmäge gönükdirilen döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagt hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistan Gazagystan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.
Duşuşykda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän iki ýurdyň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň hem-de olaryň doganlyk halklarynyň arasyndaky öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdiler.