Gämi gurluşyk pudagyny ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Russiýasynyň Tatarstany arasyndaky hyzmatdaşlyk
Türkmenistan bilen Russiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň ýokary derejeli resmileriniň arasyndaky duşuşykda iki ýurduň gämi gurluşyk kuwwatyny ösdürmek ugrundaky hyzmatdaşlygy nygtaldy.
2019-njy we 2020-nji ýyllarda Tatarstanyň Zelenodolsky zawodynda Türkmenistan üçin iki sany ýokary tizlikli ýolagçy gämisini gurmak üçin şertnamalar baglaşyldy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Kazan şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsuly Atadurdi Baýramow, Kazandaky "Ak Bars" gämi gurluşyk kompaniýasynyň baş müdiri Renat Mustakow bilen duşuşyp gämi abatlamak we gämi gurluşygy babatynda Türkmenistan bilen Tatarstan Respublikasynyň hyzmatdaşlygy barada, Türkmenbaşy halkara portunda ýerleşýän Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin türkmen hünärmenlerini taýýarlamak barada maslahatlaşdylar.
Baýramow bilen Mustakow, şeýle hem Türkmenistanyň we Tatarstanyň gämi gurluşyk mümkinçiliklerini öwrenmek üçin iki tarapyň hünärmenleriniň ikitaraplaýyn saparlary barada ylalaşdylar. Şeýle alyş-çalyşlar geljekde iki ulag gämisini we bir deňiz konteýner gämisini gurmaga kömek eder.