Ankarada Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagy geçirilýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i17234-ankarada_türkiýäniň_türkmenistanyň_we_azerbaýjan_respublikasynyň_daşary_işler_ministrleriniň_ýygnagy_geçirilýär
Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy 6-njy iýunda, Ankarada geçirilýär.
(last modified 2022-06-06T07:52:43+00:00 )
Jun 06, 2022 12:52 Asia/Ashgabat
  • Ankarada Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagy geçirilýär

Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy 6-njy iýunda, Ankarada geçirilýär.

Fars habar gullugynyň habaryna görä; Bu barada Türkiýäniň Daily Sabah habar gullugy bu ýurdyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşo Oglunyň sözlerine salgylanyp, Türkmenistanyň we  Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministrleri Raşit Meredow we Jeýhun Baýramow bilen üçtaraplaýyn duşuşygyň geçiriljekdigini habar berdi.

Hasabata görä, üç taraplaýyn gepleşikleriň gün tertibi giň, ýöne bu üç ýurdyň daşary işler ministrleri gepleşikde energiýanyň möhüm rol oýnajakdygyna ynanýarlar.

Aşgabat, Ankara we Baku bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýärler.