Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i17250-ykdysady_hyzmatdaşlyk_boýunça_hökümetara_türkmen_rus_toparynyň_başlyklary_telefon_arkaly_söhbetdeşlik_geçirdiler
6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
(last modified 2022-06-08T02:47:20+00:00 )
Jun 08, 2022 07:47 Asia/Ashgabat
  • Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagy boýunça meselelere seredildi.