Türkmenistanyň bilen Çeh Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i17298-türkmenistanyň_bilen_Çeh_respublikasynyň_ulag_ministrliginiň_wekilleriniň_arasynda_onlaýn_duşuşyk_geçirildi
2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleri bilen Çeh Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.
(last modified 2022-06-10T09:47:53+00:00 )
Jun 10, 2022 14:47 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň bilen Çeh Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleri bilen Çeh Respublikasynyň Ulag ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän giň ugry boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da howa we demir ýol ulaglary ýaly ugurdaş pudaklarda gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek boýunça meselelere üns berildi. Şeýle hem, raýat awiasiýasy babatyndaky hukuk binýadyň ösdürilmegi barada aýratyn bellenildi.