Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 500 million dollarlyk söwda maksat edilýär
Eýranyň söwdany ösdüriş guramasynyň Aziýa-Kawkaz edarasynyň Baş müdiri, Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 500 million dollarlyk söwda maksadyny yglan etdi.
Eýranyň söwdany ösdüriş guramasynyň Aziýa-Kawkaz edarasynyň Baş müdiri,Rahmatullah Hurmaly "Türkmenistanyň prezidentiniň Eýrana ýakyn wagtda boljak sapary wagtynda iki ýurduň arasynda senagat hyzmatdaşlygy baradaky resminama gol çekiler" -diýdi.
Hurmaly şeýle-de "Biz Türkmenistan bilen serhetaşa söwda hyzmatdaşlygy resminamasyna gol çekmegiň hem yzyndadyrs diýip sözüne goşdy.
Wizany ýeňilleşdirmek meselesi Eýranyň we Türkmenistanyň ýokary derejeli resmileriniň arasynda boljak gepleşiklerde ara atylmagy mümkindir diýip Eýranyň söwdany ösdüriş guramasynyň Aziýa-Kawkaz edarasynyň Baş müdiri,Rahmatullah Hurmaly aýtdy.
Hurmaly, demirgazyk goňşumyz Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarynyň ösýändigini aýdyp, şu ýylyň ilkinji iki aýynda (1401) Türkmenistana eksportyň 60 million dollar, importyň bolsa 5 million dollardygyny aýtdy.