Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda 9 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekişlik dabarasy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i17384-eýran_bilen_türkmenistanyň_arasynda_9_hyzmatdaşlyk_resminamasyna_gol_çekişlik_dabarasy
Tähran bilen Aşgabadyň arasynda 9 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekmek dabarasy Saadabad medeni-taryhy toplumynda Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
(last modified 2022-06-15T03:52:48+00:00 )
Jun 15, 2022 08:52 Asia/Ashgabat

Tähran bilen Aşgabadyň arasynda 9 hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekmek dabarasy Saadabad medeni-taryhy toplumynda Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Türkmenistanyň prezidenti, ýokary derejeli syýasy we ykdysady wekiliýetiň ýolbaşçylygynda Eýranyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisiniň resmi çakylygy bilen Tährana geldi.

EýranPress habar gullugynyň habaryna görä, Saadabad toplumynda resmi garşylaýyş dabarasyndan soň iki ýurduň arasynda tranzit transportyny ösdürmek, ylmy we medeni alyş-çalyş, daşky gurşawy goramak, medeniýet, Eýran we Türkmenistan ministrleriniň arasynda söwda-ykdysady alyş-çalyş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň resminamalaryna iki ýurdyň prezidentlerniň gatnaşmagynda gol çekildi.

Gol çekişlik dabarasyndan soň Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri Seýid Ybraýym Raisi we Serdar Berdimuhamedow bilelikde geçirilen metbugat ýygnagyna gatnaşdylar.

Şu gün (çarşenbe) Saadabad medeni-taryhy toplumynda Eýranyň prezidentiniň Türkmenistanyň prezidentini resmi garşylama dabarasy geçirildi, şondan soň Raisi we Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.