TÜRKMENISTANYŇ DOKMA ÖNÜMLERI SEULUŇ “2022-IMPORT HARYTLARYŇ SERGISINDE” GÖRKEZILDI
(last modified Fri, 24 Jun 2022 05:30:57 GMT )
Jun 24, 2022 10:30 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ DOKMA ÖNÜMLERI SEULUŇ “2022-IMPORT HARYTLARYŇ SERGISINDE” GÖRKEZILDI

23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän “2022-Import harytlaryň sergisiniň” açylyş dabarasy boldy. Bu abraýly çärede Türkmenistan hem ilkinji gezek özüniň dokma senagatynyň kuwwatyny görkezýär.

Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň ekologiýa taýdan arassa dokma önümlerini, hususan-da, «Nusaý», «Gala», «Goza», «Merw», «Bedew» ýaly haryt-nyşanly ýokary hilli egin-eşikleriň, trikotažyň, jinsiniň, keteniniň, nah we ýüpek matalaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Şonuň ýaly-da, milli pawilionda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary bilen birlikde döwletimiziň dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri barada gürrüň berýän kitapçalar, türkmen halylary, milli el işleri, zergärçilik önümleri ýaly ekspozisiýalar goýlupdyr.

Milli önümlerimiziň Halkara sergisiniň diwarlyklaryny bezemegi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň aýratyn manysy bardyr. Türkmenistanda öndürilen önümleriniň bu sergä gatnaşmagy soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant bolar.

Sergi öz işini şu ýylyň 25-nji iýunyna çenli dowam eder. Bu halkara sergä dünýäniň 60-dan gowrak ýurtdan 70 töweregi kompaniýalaryň gatnaşýar.