Jul 14, 2022 09:25 Asia/Ashgabat
  • Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda täze hyzmatdaşlygyň geljegi barada konferensiýa geçirildi

Daşkentde Özbegistan bilen Türkmenistanyň "Taryhy ösüşiň perspektiwalary we täze hyzmatdaşlygyň perspektiwalary" atly halkara konferensiýasy geçirildi we onda transport we üstaşyr geçişiň güýçlendirilmegine üns berildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu ýygnakda Özbegistanyň we Türkmenistanyň prezidentleri bolan "Şawkat Mirziýaýow" bilen "Serdar Bardimuhamedowyň" ýakyn wagtda boljak duşuşygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem bu konferensiýa gözleg institutlarynyň ýolbaşçylary, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, görnükli syýasy we ykdysady merkezler we iki ýurduň ylymlar akademiýalary gatnaşdylar.

Bu konferensiýa Merkezi Aziýanyň Halkara instituty we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

habara görä, bu konferensiýadaTürkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, strategiki hyzmatdaşlyk we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň maslahat beriş mejlisleriniň çäginde özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tags