Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i17936-türkmen_resmileriniň_garaýşyndan_gazagystan_türkmenistan_eýran_demir_ýolunyň_möhüm_orny
Türkmenistan Demirýol Hyzmatdaşlyk Guramasynyň komitetiniň başlygy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny sebit üçin möhüm hasapladylar.
(last modified 2022-07-20T00:05:23+00:00 )
Jul 20, 2022 05:05 Asia/Ashgabat
  • Türkmen resmileriniň garaýşyndan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň möhüm orny

Türkmenistan Demirýol Hyzmatdaşlyk Guramasynyň komitetiniň başlygy Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny sebit üçin möhüm hasapladylar.

Eýran-Türkmenistan-Gazagystan halkara demir ýolunyň uzynlygy 926 km, şolardan 80 km Eýranda, 700 km Türkmenistanda we 146 km Gazagystanda.

Işe girizilen bu demirýol liniýasy Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryny Eýranyň üsti bilen açyk suwlar bilen birleşdirer.

"Fars" habar gullugynyň sişenbe güni beren habaryna görä, Türkmenistanyň Demirýol hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetiniň başlygy "Miroslaw Antonowiç" bu ýurtda geçirlen"Ulag we halkara üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş" ýygnagynda halkara demirgazyk- günorta Koridoryň bir bölegi bolan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Bu maslahata wittual şeklinde gatnaşan Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky ofisindäki Türkmenistanyň hemişelik wekili Atageldi Haljanow hem "Bu ýol, Merkezi Aziýa operatorlary üçin Pars aýlagy portlaryna amatly girişi üpjün eder, şeýle hem Russiýa we Hytaýa täze bazarlara girmäge mümkinçilik berer diýdi.