Türkmenistan bilen Gürjüstanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi
Aug 01, 2022 18:15 Asia/Ashgabat
Türkmenistan bilen Gürjüstanyň diplomatlary ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Fars habar gullugynyň duşenbe güni beren habaryna görä, Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçihanasy Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi bilen iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli onlaýn tegelek stol geçirdi.
Bu wirtual ýygnaga gatnaşyjylar syýasy we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn we sebitara gatnaşyklary işjeň ösdürulmegini nygtadylar.
Iki tarap şeýle hem Gürjüstan bilen Türkmenistanyň arasynda transport, energiýa we medeniýet pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.
Tags