Türkmenistan bilen Gürjüstanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i18112-türkmenistan_bilen_gürjüstanyň_arasynda_ikitaraplaýyn_gatnaşyklaryň_ösüşi
Türkmenistan bilen Gürjüstanyň diplomatlary ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
(last modified 2022-08-01T13:15:14+00:00 )
Aug 01, 2022 18:15 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan bilen Gürjüstanyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi

Türkmenistan bilen Gürjüstanyň diplomatlary ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Fars habar gullugynyň duşenbe güni beren habaryna görä, Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçihanasy Gürjüstanyň Daşary işler ministrligi bilen iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli onlaýn tegelek stol geçirdi.

Bu wirtual ýygnaga gatnaşyjylar syýasy we ykdysady ugurlarda ikitaraplaýyn we sebitara gatnaşyklary işjeň ösdürulmegini nygtadylar.

Iki tarap şeýle hem Gürjüstan bilen Türkmenistanyň arasynda transport, energiýa we medeniýet pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňelmegine ünsi çekdi.