Türkmenistanyň "Garagum" çölüni UNESKO sanawyna girizmek karary
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i18508-türkmenistanyň_garagum_çölüni_unesko_sanawyna_girizmek_karary
Türkmenistan "Garagum" çölüni Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasynyň (UNESKO) sanawyna girizmäge synanyşýar.
(last modified 2022-08-28T06:27:59+00:00 )
Aug 28, 2022 11:27 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň

Türkmenistan "Garagum" çölüni Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeni guramasynyň (UNESKO) sanawyna girizmäge synanyşýar.

Türkmenistanyň meýdanynyň 70% -ini (350,000 inedördül kilometr) tutýan dünýädäki iň uly çägeli çölleriň biri Garagum çölidir.

Garagum çöli, tebigat, zoologiýa, botanika, ykdysadyýet we ekologiýa, düz we çöl ekosistemalary taýdan dünýäde deňi-taýy bolmadyk Türkmenistanyň tebigy hadysalarynyň biridir we üýtgemän diýen ýaly we asyl görnüşinde saklanyp galypdyr.

Fars habar gullugynyň ýekşenbe güni beren habaryna görä, Türkmenistan Garagum çölüniň täsin goralýan ýerlerini dünýä tanatmaga we UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge synanyşýar.

Türkmenistan gurak sebitde üstünlikli oba hojalygyny we suwy dolandyrmak boýunça ylmy gözlegleriň başynda durýar we dünýäniň beýleki ýurtlaryny suw baýlyklaryndan peýdalanmak meselesinde seresaply garamaga çagyrýar.