Russiýanyň we Türkmenistanyň häkimiýetleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek barada maslahatlaşdylar
Russiýa Federasiýasynyň Geňeşiniň başlygy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy ykdysady, şol sanda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekdiler.
2021-2023-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan bilen Russiýanyň hökümetleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasyna iki ýurduň ýörite wekili 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda gol çekdi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni Russiýa Federasiýa Geňeşiniň (Russiýanyň ýokarky palatasy) başlygy "Walentina Matwinko" we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy "Gurbanguly Berdimuhamedow" telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň peýdasyna ikitaraplaýyn ykdysady we syýasy gatnaşyklaryň giňelmek meselesine garadylar.
"Walentina Matwinko" Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygyny Russiýa sapara çagyrdy.
Russiýa Federasiýasynyň Geňeşiniň başlygy Gurbanguly Berdimohamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Russiýanyň prezidenti tarapyndan Watan üçin 4 sany hormat nyşany we sylaglanmagy alandygyny gutlady we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygyny hormak nyşanyny almak üçin Moskwa sapar etmäge çagyrdy.
Berdimuhamedow hem, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Russiýanyň prezidenti "Wladimir Putiniň" möhüm goşandyna ünsi çekdi.
Soňky birnäçe ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklardaky esasy meseleleriň biri, Türkmenistanyň Russiýadan dünýä bazarlaryna tebigy gaz eksportynyň dowam etmegi bolandyr.