Hytaýyň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Türkmenistanyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň prezidenti Hytaý hökümetiniň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili bilen Aşgabatda duşuşdy we iki tarap özara hem-de sebitara hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler.
Fars habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hui bilen bolan duşuşygynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösmegine we pugtalandyrylmagyna ünsi çekdi.
Iki tarap şeýle hem ähli ugurlarda köptaraplaýyn gepleşikleri dowam etdirmäge we geljekde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge umyt baglaýandyklaryny aýtdy.
Türkmenistanyň prezidenti iki ýurduň arasynda ýangyç we energiýa, transport we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, ösen tehnologiýalar we maýa goýumlar pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.
Mundan ozal Hytaýyň Ýewraziýa meseleleri boýunça ýörite wekili Li Hui, Türkmenistana sapary wagtynda bu ýurduň daşary işler ministri we daşary işler ministriniň orunbasary Raşid Meredow we W.Hajaýew bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.