TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY
(last modified Fri, 16 Sep 2022 18:40:42 GMT )
Sep 16, 2022 23:40 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda ŞHG-na agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen Türkmenistanyň Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Iki döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, duşuşykda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Şu ýylyň aprel aýynda iki ýurdyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilendigini aýdyp, RF-niň Prezidenti degişli resminamalarda öz beýanyny tapan strategik hyzmatdaşlygyň derejesiniň iş ýüzünde tassyklanylýandygyny belledi. 

Russiýanyň Baştutany şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uly şahsy goşandynyň bardygyny nygtap, Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Şeýle-de Prezident Wladimir Putin RF-niň parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça Russiýa öňde boljak sapary mahalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşmaga şat boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Russiýanyň Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. 

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet Baştutany türkmen-rus syýasy gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejedäki özara saparlar hem-de duşuşyklar munuň subutnamasydyr. 

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hökümetleriň derejesindäki yzygiderli gepleşikler, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geçirilýän geňeşmeler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär. 

Iki ýurduň iri sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy oňyn häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany bu ýurduň bitarap daşary syýasat ugruny hem-de BMG-de, beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin russiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.

Taraplaryň umumy pikirine görä, netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär. Ylym ulgamynda köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, häzirki wagtda Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini açmak meselesine garalýar. Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hem uly işler amala aşyrylýar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.