Sep 24, 2022 11:53 Asia/Ashgabat
  • Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Lideri Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler hem-de arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, doganlyk Özbegistanyň Samarkantda ýokary derejede, üstünlikli geçiren Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady. Şeýle duşuşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Özbegistan Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berip, ýakyn goňşusy, ygtybarly hyzmatdaşy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Şunda soňky ýyllarda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň netijeliligi hem-de açyklygy bilen tapawutlanýandygyny, ikitaraplaýyn gepleşikleriň ynanyşmak häsiýetiniň möhüm meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge ýardam edýändigini nygtady. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy bellenildi.

Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçip, oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty ýaly pudaklarda depginli ösüşi kanagatlanma bilen nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Şeýle-de söhbetdeşligiň  Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany doglan güni mynasybetli beýan edilen mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, özbek Liderine berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik, dostlukly özbek halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Tags