Türkmenistanyň Balkan sebitinde türgenleşik geçirildi
Türkmenistanyň harby güýçleri bu ýurduň günbataryndaky Balkan sebitinde dürli söweş bölümleriniň gatnaşmagynda harby türgenleşik geçirdiler.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistan prezidenti we goşunynyň serkerdesi Serdar Bardimohamedow ýurduň günbatar sebitine (Balkan) iş sapary wagtynda bu ýurduň ýaragly güýçleriniň bilelikdäki türgenleşigine gözegçilik etdi.
Bu türgenleşik harbylaryň başarjaňlyklaryny ýokarlandyrmak we söweş güýçleriniň söweş taýynlygyna baha bermek maksady bilen geçirildi.
Şäherdäki çaknyşyk şertlerinde geçirilen bu türgenleşikde uçarlar, dikuçarlar we häzirki zaman uçarmansyz howa ulaglary, şeýle hem gämiler we söweş gämileri, esasanam Deňizhan ýaragly gämisi we Edermen we Gaýratly hüjüm ediji raketa gämileri nyşanalarynyň urup maksatlaryna ýetdiler.