Aşgabatda klimatyň üýtgemegi we howa barada konferensiýa geçirildi
(last modified Mon, 31 Oct 2022 14:52:38 GMT )
Oct 31, 2022 19:52 Asia/Ashgabat
  • Aşgabatda klimatyň üýtgemegi we howa barada konferensiýa geçirildi

Howanyň we klimatyň üýtgemegi boýunça ikinji konferensiýa, BMG hünärmenleriniň, Türkiýäniň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirildi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Bu konferensiýanyň resmi beýanyny, howanyň üýtgemegine döredijilikli we innowasiýa çemeleşmelerine ünsi jemlemek bu samitiň netijelerinden biri boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky howanyň üýtgemegi boýunça sebit ilçisi Deýwid Moran häzirki wagtda bolup geçýän klimat kararlary geljegi kesgitlejekdir diýdi.

Deýwid Moran şeýle-de Parnik gazlarynyň zyňyndylary we Merkezi Aziýadaky buzluklaryň eremegi hakyky howpdyr diýdi.

Moran şeýle-de häzirki wagtda adam işjeňliginiň howanyň çalt üýtgemegine we daşky gurşawa çynlakaý zeper ýetirendigini inkär edip bolmaz diýip nygtady.

BMG-nyň Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky howanyň üýtgemegi boýunça sebit ilçisi sözüniň soňunda ahli duýduryşlara garamazdan global zyňyndylar ýokarlanýar diýip yglan etdi.