Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda parlament komissiýasyny döretmek baradaky ylalaşyk
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwinko parlament komissiýasyny döretmek we Moskwada hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýa Federasiýasynyň Geňeşiniň başlygy gol çekilen resminamanyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze tapgyra eýe boljakdygyna ynam bildirip bu resminama iki ýurduň kanun çykaryjylarynyň arasynda hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri döredendir diýdi.
"Walentina Matwinko" şeýle-de Russiýa bilen Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlygy, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen syýasy gepleşikleriň adatdan daşary durnuklylygy bilen tapawutlanýar diýdi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem mejlisiň özara gatnaşygy, iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň üznüksiz ösmegine, çuňňur taryh we medeniýet bilen birleşen ýurtlar bilen halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi güýçlendirmekde uly goşantdyr diýdi.
Berdimohamedow sözüniň dowamynda bu ýerde ekstremizmiň, radikalizmiň ýüze çykmagynyň öňüne geçmek üçin güýçli kanuny päsgelçilik döredilmelidir we hökümetiň düýbüni ýykmak we abraýdan gaçyrmak synanyşygy bolsa ýok edilmelidir diýip beýan etdi.