Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň daşary işler ministrini kabul etdi
2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saudy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanynza hoşallygyny beýan edip, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saudyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna rowaçlyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda dostlukly ýurduň Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Saud Arabystanynyň Patyşasyna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow ministriň Türkmenistana şu gezekki saparynyň uzak möhletleýin türkmen-saud gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirip, iki dostlukly döwletiň daşary syýasat edaralarynyň geňeşmelerinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Aşgabatda Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady.
Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Saud Arabystany Patyşalygynyň mukaddes topraklaryna amala aşyran ilkinji saparyny — zyýaratyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu saparyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny nygtady.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanymy we myhman ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin saud tarapyna minnetdarlyk bildirdi. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalar bu başlangyçlaryň möhümdigine şaýatlyk edýär.
Serdar Berdimuhamedow hem-de daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň oňyn depginini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly eksport-import mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýumlar, ulag we aragatnaşyk, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanyldy we ony pugtalandyrmak üçin mümkinçilikler bar.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri dostluk, özara hoşniýetli erk bilen berkidilen döwletara gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.