"Gurbanguly Berdimuhamedow" Türkmenistanyň milli lideri hökmünde saýlandy
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i20268-gurbanguly_berdimuhamedow_türkmenistanyň_milli_lideri_hökmünde_saýlandy
Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň karary bilen bu ýurduň milli lideri boldy.
(last modified 2023-01-24T02:24:46+00:00 )
Jan 24, 2023 07:24 Asia/Ashgabat

Türkmenistanyň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentiň karary bilen bu ýurduň milli lideri boldy.

IRNA-nyň Türkmenistanyň telewideniýesine salgylanyp beren habaryna görä Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Kararyny hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary kabul edildi. Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem bu karara gol çekdi.