Jan 26, 2023 10:55 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2023-nji ýylyň 24-25-nji ýanwarynda Aşgabatda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Hazaryň institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, Azerbaýjanyň wekiliýetine - Daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili ýolbaşçylyk etdi H.Halafow.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Bilelikdäki iş toparynyň mejlisiniň dowamynda Hazar deňziniň düýbüniň çäklerini Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda kesgitlemek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky şertnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.