Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gepleşikleri
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i20774-eýran_bilen_türkmenistanyň_arasynda_gepleşikleri
Eýran bilen Türkmenistanyň gümrük gulluklarynyň başlyklary Eýranyň Horasan Razawi welaýatynyň Bajgiran we Türkmenistanyň Howdan serhedinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler.
(last modified 2023-03-01T01:08:43+00:00 )
Mar 01, 2023 06:08 Asia/Ashgabat
  •  Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gepleşikleri

Eýran bilen Türkmenistanyň gümrük gulluklarynyň başlyklary Eýranyň Horasan Razawi welaýatynyň Bajgiran we Türkmenistanyň Howdan serhedinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler.

"Bajgiran serhet terminaly we bazary" Goçan şäheriniň merkezinden 80 km we Horasan Razavi welaýatynyň merkezi Maşatdan 225 km, şeýle hem Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan 50 km günortada ýerleşýär.

Bajgiran şäheri, Eýran bilen Türkmenistanyň serhediniň nol nokadynda ýerleşýär.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň we Türkmenistanyň gümrükleri bilen umumy serhet derwezesiniň döredilmegi, serhet alyş-çalyşlaryny ösdürmek we ýeňilleşdirmek üçin täze teklipler, Degişli wagty kesgitlemek bilen yzygiderli we wagtal-wagtal Eýranyň we Türkmenistanyň gümrük gullugynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan ybarat bilelikdäki iş toparyny döretmek, Serhet bazarlarynda alyş-çalyşlaryň artmagy we ýolagçy gatnawynyň çäklendirmelerini aýyrmak, şeýle hem iki ýurduň gümrükhanasynyň arasyndaky okuw memorandumy Eýranyň gümrük gullugynyň başlygy "Muhammet Rezwanifar" bilen  Türkmenistanyň gümrük gullugynyň başlygy "Maksat Hudýgulyýow" arasynda geçirilen ýygnakda ara alnyp maslahatlaşyldy.